Elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar

4 Noýabr 2024
418

Balkan welaýaty, 3-nji noýabr (TDH). Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektroenergetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ygtybarly energetika ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen, güýjenmesi 220 kilowat «Etrek» elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi hem munuň nobatdaky güwäsidir. Bu elektrik bekediniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

Surata düşüren Andreý PAKULOW.