Ykdysady ösüşiň berk binýady

1 Noýabr 2024
438

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna yzygiderli we tapgyrlaýyn esasda geçirilip, şunda, öňi bilen, ähli gurallaryň, aýratyn-da, maliýe-salgyt, pul-karz, baha, maýa goýum syýasatynyň has işjeň häsiýete eýe bolmagy döwrüň talaby hökmünde öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada: «Ähli ösüşleriň badalgasy bolan maýa goýum işjeňligini artdyrmak, milli maliýe ulgamynyň işini dünýä standartlarynyň talabyna görä ösdürmek, daşary ýurt hem-de milli maýa goýum mümkinçiliklerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklaryna gönükdirmek baradaky tagallalary ýokarlandyrmagy ösüşiň täze tapgyrynyň zerurlygy hasap edýärin» diýip belleýär.

Ykdysady gurallaryň arasynda milli pul birligine aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şeýlelikde, Garaşsyz ýurdumyz sözüň doly manysynda ykdysady garaşsyzlygyny hem gazandy. Manat ykdysady ösüşe has güýçli täsir edýän ykjam guraldyr. Şoňa görä-de, manadyň dolanyşygyny ýurtda hereket edýän kada-kanunçylyga laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak hemişe üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, manadyň hümmetiniň, satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu iş köp babatda maýa goýum syýasatynyň işjeňligine baglydyr. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz maýa goýum işini hemişe üns merkezinde saklamak bilen, netijeli çözgütleri kabul edýär. Munuň aýdyň mysalyny ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artyşyndan hem görmek bolýar. Diňe 2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete meýilleşdirilen maýalaryň möçberi 38,5 milliard manada barabar bolup, onuň 67,8 göterimi önümçilige, 32,2 göterimi durmuş ugruna gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýerli serişdelerden öndürilýän önümleriň mukdary köpeler, hili ýokarlanar. Munuň özi eksport mümkinçiligimiziň artmagynda, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda, satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanmagynda hem ähmiýetli bolup, ahyrky netijede, milli puluň hümmetine oňaýly täsir edip, durnukly ösüşe amatly şert döredýär.

Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň professory.