Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, beýik şahyrymyz, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutulýan toýlarymyz toýlara ulaşýar.
Dünýäniň çar künjeginiň dostlukly ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Gündogar edebiýatynyň ägirt uly söz ussady hökmünde ykrar edilen beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän şanly ýylyň möhüm taryhy wakalarynyň biridir.