Ömrüni ene topraga hyzmat etmäge bagyşlan, öz halal zähmeti, gujur-gaýraty, belent adamkärçilik sypatlary bilen ýüreklerde orun tutan adamlary il-gün hiç wagt unutmaýar. Şeýle ildeşlerimiziň biri hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýaşap geçen, öz döwründe oba hojalyk pudagynyň ösmegine uly goşant goşan Mahmyt Hojanyýazowdyr. Şähere tarap gidýän Görogly — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly daýhan birleşigine giribereniňde, ýoluň sag gyrasynda gözüň düşýän gür tutluk hem etrabyň bu iri hojalygyna 30 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk eden Mahmyt Hojanyýazowdan galan ýadygärlikleriň biri. Onuň bilen işleşip, ýakyndan tanaýan ýaşuly nesliň wekilleri bilen gürrüňdeş bolanyňda: «Mahmyt aga barada aýtmaga-diýmäge, ýatlamaga zat gaty kän. Ol gaty işeňňir, daýhançylykdan, maldarçylykdan gowy baş çykarýan, şonuň bilen bir wagtda, köpçülik bilen dil tapyşyp işleşmäge ökde, şol döwürde kolhozymyzy ösdüren, etrabymyzda däl, eýsem, ýurdumyz boýunça-da ilkinjileriň hataryna çykaran adam» diýýärler.
Mahmyt Hojanyýazow 1928-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň Durdy Gylyç geňeşliginde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. 1937-nji ýylda şol obadaky ýediýyllyk orta mekdebe okuwa barýar. 1943-nji ýylda mekdebi tamamlap, Daşoguz şäherindäki sçotowodlary (oba hojalyk işleriniň hasabatçylaryny) taýýarlaýan alty aýlyk kursda okaýar. 1944-nji ýylda şol wagtky K.Marks adyndaky kolhozda (häzirki Durdy Gylyç daýhan birleşigi) hasabat ýörediji bolup zähmet ýoluna başlaýar. 1949-njy ýyla çenli bu wezipede zähmet çekeninden soňra, Daşoguz şäherinde açylan, buhgalterleri taýýarlaýan bir ýyllyk kursa okuwa girýär we ony 1950-nji ýylda tamamlap, daýhan birleşiginiň hasapçysy bolup işleýär. 1953-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň maliýe bölümine hasapçy bolup işe geçýär. Bu wezipede bäş ýyl zähmet çekenden soňra, 1958-nji ýylda «Kommunizm» kolhozyna (häzirki Görogly etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigi) ýolbaşçy bellenýär we şol oba göçüp barýar. Daýhan birleşigine ýolbaşçylyk edip ýören döwürlerinde, 1962 — 1967-nji ýyllarda Aşgabatdaky oba hojalyk institutynyň (häzirki TOHU) buhgalteriýa fakultetinde gaýybana okaýar.