Pyragynyň dünýä seýrany

31 Oktýabr 2024
309

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Garaşsyz Diýarymyzyň çäklerinden has alyslarda hem yzygiderli guralyp durulýar.

25-nji oktýabrda şeýle medeni dabaranyň dostlukly Malaýziýa döwletinde geçirilendigi barada internet sahypalarynda habar berilýär. Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen dabara dostlukly ýurduň medeniýet ministri, dürli döwletleriň ilçileridir diplomatlary gatnaşdylar. Malaýziýaly alymlardyr medeniýet, sungat işgärleri dabarada akyldar şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly täsirli çykyşlar etdiler. Dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar çykyş edenlere dana Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşan goşandy, akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň malaý halkynyň durmuşyna aralaşyşy dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Türkmen talyplarynyň milli aýdym-sazlarymyzy, tanslarymyzy ýerine ýetirmekleriniň, medeni gymmatlyklarymyza, dana Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanyp guralan serginiň, şeýle-de myhmanlara milli tagamlaryň hödür edilmeginiň dabara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrandygy hem internet sahypalarynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Taýýarlan Atageldi DURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy.