Himiýa senagatynyň ösüşi üstünliklere beslenýär

30 Oktýabr 2024
319

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk, nebit-gaz, himiýa senagaty ýokary derejede ösdürilýär. Bu bolsa himiýadan we tebigy bilimlerden habarly kämil hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem himiýa ylmyny öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralary, orta mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu ugurda ýakynda kabul edilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde oňyn netijeleri berýär. Zawod-fabriklerde, himiýa ylmy bilen bagly kärhanalaryň hemmesinde, şol sanda hassahanalarda hem tejribehanalar ýerleşýär. Olarda iş alyp barmak üçin himiýa ugrundan hünärmenleriň, laborantlaryň köp gerek bolýandygy öz-özünden düşnüklidir. Himiýa degişli başlangyç düşünjeler, endikler mekdep sapaklaryndan berlip başlanýar. Okuwçylar tejribeleri öz elleri bilen geçirenlerinde oňa örän oňat düşünýärler.

Maýa REJEPOWA,
Çärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.