Akyldaryň ady dünýäniň dilinde

31 Oktýabr 2024
332

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, halkymyzyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar.

Her bir halkyň beýikligi, esasan, umumadamzat ähmiýetli görnükli hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň dünýä beren beýik ogullarynyň biri, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden özygtyýarly döwlet döretmek baradaky çagyryşlar eriş-argaç bolup geçmek bilen, onuň şygyrlary türkmen halkynyň erkinliginiň hem-de jebisliginiň senasyna öwrüldi. Şahyryň öňe süren taglymatlary häzirki wagtda-da milli döwletliligiň, dünýä halklarynyň abadan, parahat durmuşynyň üpjün edilmeginiň anyk salgysyny berýär.

Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory.