Ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

30 Oktýabr 2024
308

Şu ýyl ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 31 ýyl dolýar. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döredýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösdürilýär. Milli manat türkmeniň döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygynyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirildi. Onuň pul-karz, býujet, salgyt, maliýe, nyrh ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli nusgasy işlenilip taýýarlanyldy.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamynyň işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.