Hereket — sagdyn ýaşaýşyň özeni

30 Oktýabr 2024
291

Döwletimiziň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Golaýda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy açylyp ulanylmaga berildi.

Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, saglygy dikeltmek maksady bilen gurlan şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň aýdyň netijeleridir. Saglygy goraýyş ulgamynda dabaralanýan özgertmeleriň netijesinde keselleriň birnäçesiniň öňi alyndy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan Türkmenistanda gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Maýsa AŞYROWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.