Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gurmak, döretmek, bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyz giň gerimli gurluşyklaryň mekanydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalary, önümçilik desgalary, medeni, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlup, döwrebap täze obalar, şäherçeler, şäherler döreýär. Şeýlelikde, ýaşyl baglara, al-elwan güllere bürenýän ata Watanymyzyň görki barha gözelleşýär.