Dünýäde dabaralanýan beýik tutumlar

30 Oktýabr 2024
295

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigi buýsandyrýan ýagdaýdyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň her bir başlangyjyny, tutumyny halkymyzyň giňden goldaýandygyna we özgertmelere gatnaşmakda ýokary işjeňlik görkezýändigine biz durmuşa geçirilýän beýik işlerde aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleri ýurdumyzda ähli işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle bolansoň, dostlugy, parahatçylygy ündeýän, agzybirligi baýdak edinýän ata Watanymyzda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşymyz ýürekden çykýar. Ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, halkymyzyň bagtyýar geljegi barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Söhbet GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.