MALIÝE SYÝASATYNYŇ ROWAÇ ÝOLY
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Ýurt Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalarynda bellenilen wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmeginde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan maliýe syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwlet býujeti ykdysadyýetimizi maliýeleşdirmegiň möhüm guraly bolmak bilen, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýyşy, medeniýeti ösdürmäge önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi.