Diýarymyzyň ajaýyp ösüşleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşli menzilleri ynamly külterläp, bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda tutumly işleriň bady barha ýokarlanýar.