Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda döwrebap bilimli, daşary ýurt dillerini oňat bilýän ýaşlaryň kemala gelýändigi döwrümiziň guwandyryjy, buýsandyryjy hakykatydyr. Çünki birek-birek bilen, şol sanda gaýry halklar bilen gatnaşyk, ylalaşyk, ösüş we özgeriş diliň kömegi arkaly amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylara daşary ýurt dilleriniň öwredilişiniň döwrebap derejede alnyp barylýandygyny bellemek isleýärin. Özüm hem mekdepde çagalara iňlis dili boýunça sapak berýändigim üçin, her bir okuwçynyň döwrüň talabyny ödeýän, daşary ýurt dilini oňat bilýän adam bolup ýetişmegini gazanmak esasy aladam bolup durýar. Sapakda oýunlary guramagyň we surat görkezmegiň üsti bilen okuwçylaryň täze sözleri aňsat özleşdirmegini gazanmak üçin tagallamy gaýgyrmaýaryn. Çagalaryň ertekiler esasynda goýan gysga görnüşli sahnalarynda, geçirýän çärelerimizde biri-birleri bilen iňlis dilinde gürleşmekleri, sorag-jogap alyşmaklary olaryň bu dili öwrenmeklerine oňaýly täsirini ýetirýär. Sapakdan daşgary hem bu ugurda degişli çäreleri guraýaryn, bu bolsa çagalaryň dil baýlygynyň hem ösmegine kömek edýär.