Kuwwatly döwletiň sarsmaz ýörelgesi

30 Oktýabr 2024
280

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek bellenilýär. Köpgurluşly ykdysadyýetimiziň ädimsaýyn berkemegine, ony ösdürmäge tarap alnan ugurda gurluşyk we senagat toplumy işgärleriniň paýyna uly wezipeler düşýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda bu möhüm pudak çalt depginlerde ösdürilýär. Şonuň netijesinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler ýaşaýşymyza ozal görlüp-eşidilmedik derejede täsirini ýetirýär. Ilat üçin gurulýan jaýlaryň sany ýylsaýyn artýar. Hut biziň welaýatymyzda hem döwrebap obalar we şäherçeler peýda boldy, her etrapda diýen ýaly häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän hassahanalar we saglyk öýleri, orta mekdepler we çagalar baglary, sport mekdepleridir desgalary guruldy. Il-ýurt bähbitli gurluşyklar ýene-de dowam edýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.