Mynasyp sowgat bilen

30 Oktýabr 2024
376

Öz hünär baýramyny welaýatymyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarlar. Welaýatymyzda önümçilik kuwwatlylygy bilen tapawutlanýan Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan gurnama demirbeton önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär.

Üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynyň jemi boýunça zawodda gurnama demirbeton önümleriniň 21 müň 205 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Jemi taýýarlanylan senagat önümleriniň we edilen işleriň möçberi 38 million 700 manada, 107,5 göterime deň boldy. Gurnama demirbeton öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, önümçiligiň ösüş depgini 107,7 göterime, manat hasabynda 107,6 göterime ýetirildi.

Rozygeldi ŞANAZAROW.