Gaz geçirijileri kebşirläp duran pursadynda Alymjan bilen duşuşmak miýesser etdi. Iş bilen meşgullanyp durşuna ol biziň gelenimizi hem duýman galdy. Janypkeşlik bilen zähmet çekişi onuň işine bolan höwesinden hem-de ussatlygyndan habar berýär.
— Dagy näme, onuň aňsat boş wagtyny tapaýmarsyňyz. Elmydama bir işiň başyndadyr. Geň galaýmaly, ähli ynanylan işe-de öz wagtynda ýetişip, birkemsiz berjaý edýär — diýip, uly ussa Ahmet Baltaýew onuň tarypyny ýetirdi. Onýança ol salykatlylyk bilen salamlaşyp, gutlagymyz üçin hoşal boldy. Çünki ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň uludan bellenilen günlerinde Alymjanyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda oňa Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.