Bu günki gün ata Watanymyz ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we ulanmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň hatary barha uzamak bilen. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň alamatydyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulanýandygy onuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklaryny giň gerimde alyp barýarlar. Olaryň durmuşa geçirýän işlerine Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz mynasyp baha berip, netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýärler. Türkmen işewürlerine ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olar ýokary hilli, asyrlara uzaýan we iň gowy halkara ülňülere laýyk gelýän binalary gurýarlar. Arkadag şäheri oňa aýdyň mysaldyr.
Bilşimiz ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, beýleki möhüm resminamalar bilen birlikde, “Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Permana hem gol çekdi. Munuň özi bu ajaýyp, täze şäherde geljekde-de giň gerimli, beýik işleriň alnyp baryljakdygynyň aýdyň güwäsi bolup, onuň ýaşaýjylarydyr işçi-hünärmenlerinde uly ruhubelentlik döretdi. Permanda bellenilişi ýaly, bu çözgüdiň kabul edilmegi Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmegi, onda ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy nazarlaýar.