Milli manat — durnukly ösüş

29 Oktýabr 2024
318

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen manadynyň kadaly hereket etmegi, onuň hümmetiniň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenen derejede saklanylmagy milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi» diýip belledi.

Milli manadyň hümmetiniň durnukly derejede saklanmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň wajyp guraly, şol bir wagtyň özünde-de, şerti bolup durýar. Ýurdumyzda hereket edýän puluň kadaly aýlanyşygyny ýola goýmakda onuň ýerli serişdelerden haryt üpjünçiligine aýratyn orun degişlidir. Bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýanyň gazanan üstünlikleri önümçilige giňden ornaşdyrylýar, şonuň bilen birlikde-de ýokary netijeler gazanylýar.

Oguljemal MOLLAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.