Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde hem-de ýurdumyzyň kuwwatlanmagynda milli manadymyz mynasyp orun eýeleýär. Buýsanjymyz bolan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Şol gün berkarar Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän günleriň biri hökmünde taryha girdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.