Il saglygy — ýurt baýlygy

29 Oktýabr 2024
335

Ýurdumyzda ynsan saglygy hakda edilýän aladalardan ugur alyp, saglygy goraýyş işgärleri hökmünde ildeşlerimiziň arasynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarys. Şu günler howanyň derejesiniň üýtgäp durmagy, ýagny howanyň gündizlerine maýyl, ir ertirlerine we agşamlaryna sowamagy netijesinde, adamlaryň bedenindäki dowamly keselleriň ýitileşmegine, şeýle-de adam bedeniniň immun ulgamyna (bedeniň kesele garşy göreş ukybyna) baglylykda dürli sowuklamanyň ýüze çykmagyna getirýär.

Ýiti respirator keselini, şol sanda ýokanç keselini — sowuklamany dörediji wiruslar örän köp görnüşli bolup, olar üsgürilende, asgyrylanda ýa-da bir-biri bilen golaý durlup gürleşilende howa-damja ýoly arkaly ýokuşyp bilýär. Maşgalada, jemgyýetçilik ýerlerinde, çagalar baglarynda we mekdeplerde köpçülikleýin ulanylýan gap-gaçlaryň üsti bilen, şeýle-de jemgyýetçilik awtoulaglarynda bu kesel ýokuşyp bilýär.

Jumamyrat SÖÝÜNJALYÝEW,
Sarahs etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.