Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin akkumulýatorlary öndürmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. «Kökçiniň» amperi 60-dan 190-a çenli beýgelýän ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» ýaly haryt nyşanly akkumulýatorlary içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar.
Akkumulýator öndürmekde ýurdumyzda ilkinji hususy kärhana bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, her günde, ortaça, 300-350 sany akkumulýator öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar.