«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadymyzyň girizilenine 31 ýyl dolýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.