Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Halkara forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika senagatynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlyklary, milli nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini döwrebap çözgütler esasynda has-da işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda, ylmy garaýyşlary we teklipleri öňe sürmekde, seljermekde ähmiýeti uludyr.