Beýik ösüşleriň şuglasy

22 Oktýabr 2024
565

Täze taryhy eýýamda ýurdumyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlar rowaçlanýar, döwletli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen we durmuşa geçirilýän beýik işler hem bu aýdylanlary aýdyň beýan edýär. Şu şöhratly ýylda Diýarymyzda möhüm binalar, desgalar açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi bolsa halk bähbitli işleriň üstünliklere beslenýändigini, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi, halkymyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen beýik ösüşleri gazanýar. Bu buýsandyryjy netijeler hakynda 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem bellenildi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ilatyň hal-ýagdaýy has-da gowulanýar, ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty ýokarlanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde täze mümkinçilikleriň döredilmegi, ösüş depgininiň ýokarlanmagy biziň her birimizi buýsanja besleýär. Şeýle belent üstünlikler halkymyzy döredijilikli işlemäge, beýik ösüşlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.