Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk baglanyşykly bolan sanly ulgamyň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň oňyn netijeleri bu gün durmuşymyzda aýdyň duýulýar. Innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminama dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet, elektron senagaty ýaly ugurlarda işleri sazlaşykly ýola goýmak döwrüň möhüm wezipesidir. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine işjeň goşulyşyp, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüş üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ynsanyň durmuşyny ýeňilleşdirýän sanly ulgamy ösdürmegiň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, bu babatda milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ýaly pudaklarda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi hem tassyklaýar. Ähli ulgamlaryň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna, ykdysady we önümçilik işiniň esasy görnüşlerini dolandyrmakda awtomatlaşdyrmak we merkezleşdirilen dolandyryş işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna giň şertleri döredýär.