Arzuwlan zamanaň geldi!

22 Oktýabr 2024
436

Adyň Arşda, köňlüň köşkdür, parasatly beýik dana,
Her setiri umman kibi eýedir ol giden mana,
Ägirtden dörän ägirtdir, hakdan içen hak ulama
Beýik! Beýikligiň bilen haýran etdiň şamçyragy,
Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy!

Açyldy arzuw gunçalaň, baglaryň bossan bolandyr,
300 ýyllyk toýuň bilen şanyňa dessan bolandyr,
Dürdäne setirleň bilen ak ýolda messan bolandyr,
Şan-şöhratyň Arşa galdy, bagtly iliň ajap çagy,
Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy!

Bahar AÝDOGDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň IV ýyl talyby.