Suw üpjünçiliginde bökdençlik bolmaz

21 Oktýabr 2024
313

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerinden «mawy ýangyjyň» çykarylmagynda, soňra bolsa sarp edijilere bökdençsiz ugradylmagynda kärhananyň hyzmat ediş ulgamynyň degişli edara-kärhanalarynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar.

Müdirligiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw beketleriniň işgärleriniň işleri hem bellenilmegine mynasypdyr. Sehiň Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän «Zähmet» suw bekediniň işgärleri müdirligiň Üçajy, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Malaý gaz känleriniň gazçylaryny ýylyň bütin dowamynda arassa suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edýärler. Sarp edijilere ugradylýan arassa suw gaz känleriniň guýularyndan çykarylýan tebigy gazy sowatmak hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin peýdalanylýar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».