Nebitgaz guýularyny burawlamagyň aýratynlyklary

21 Oktýabr 2024
253

Nebit we gaz çykarýan guýy ýörite buraw turbasyna ýa-da buraw turbalarynyň sütünlerine towlanyp dakylan, demir isgene (dolota) bilen burawlanýar. Aýlamak amatly bolar ýaly, ýokarky turba kwadrat görnüşinde edilýär. Isgenäniň kesýän bölegi berk ergin (splaw), kämahal bolsa gerekli bolan ýagdaýynda almaz bilen enjamlaşdyrylýar. Turbalary aýlamaklyk maşynlaryň aýlanýan bölegine (rotora) aýlap goýberme güýjüni berýän, kwadrat turbany aýlamak üçin onuň ölçegindäki gysyjy demir agzy bolan ýörite mehanizmleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Şeýle burawlamaklyk rotor usuly diýlip atlandyrylýar.

Turbaly burawlamak usuly hem bar. Bu usulda turbanyň ahyryna isgeneden başga-da ýörite agregat–turbobur (gidrawliki dwigatel) dakylýar. Bu agregat arkaly isgenäni aýlamak nasosyň kömegi bilen turbanyň içine goýberilýän toýunly erginiň güýçli akymly suwuklygy bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem elektroburawlamak usuly hem bar. Bu usulda isgenäni aýlaýan agregat turbanyň aşaky bölegine birikdirilýän ýörite düzütli elektrodwigateliň kömegi bilen hereketlendirilýär. Soňky agzalan usullaryň ikisinde hem buraw turbalary aýlanmaýar, isgenäni aýlamaklyk turba ýa-da elektroagregatlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Taslama boýunça guýynyň çuňlugy kesgitli aralyklarda bölünýär, bu aralyga ýetilenden soňra burawlamagyň arasy kesilýär, geçilen dag jynslarynda barlag işleri ýerine ýetirilýär ýa-da guýy ýykylmazlygy, burawlamagyň ýolunda ýokary basyşly minerallaşan suwuň gelmezligi üçin, ýagny burawlamaga zyýan bermez ýaly guýa uly diametrli turbalar biri-birine berkidilip goýberilýär.

Nurmämmet ANNAMYRADOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa toplumlary bölüminiň gazy çuňňur gaýtadan işlemek laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri.