Bu günki buraw ertirki nebit

21 Oktýabr 2024
208

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleriniň müdirlikleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny mynasyp sowgatlar bilen jemlemek maksady bilen uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler.

Genji-hazynany özünde jemleýän Watanymyzyň gündogar, günorta-günbatar sebitlerinde miosen we aşaky gyzyl reňkli çökündilerden tapylan has çuň gatlaklarda (5 müň — 7 müň metr) ýerleşýän nebitgaza doýgunly ýataklaryň (gatlaklaryň) ýüze çykarylmagy ýurdumyzy şan-şöhrata besleýär. Şu günler tebigy çig malyň ägirt uly gorlaryny goýnunda saklaýan we çuň gatlaklary özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Barsagelmez meýdançalarynda gyzyl reňkli gatlaklaryň aşaky bölegini gazmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Has takygy, ýakynda Goturdepe buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Täçberdi Dädebaýewiň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4 müň 500 metr bolan 403-nji guýyny burawlap, önümçilige tabşyrdylar. Bu guýynyň bir gije-gündizde beren başlangyç nebit çykymy 13,0 tonna barabar boldy. Şeýle hem buraw ussasy Aleksandr Filinowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar topary Barsagelmez känindäki 1 müň 355-nji guýyny tamamlap, nebitgaz çykaryjy müdirligine tabşyrdylar. Şonda bu guýynyň bir gije-gündizde berýän arassa başlangyç nebiti ortaça 12,9 tonna barabar boldy. Mundan başga-da, ýeriň çuňlugyna aralaşyp, taslama çuňluklary degişlilikde 4 müň 800, 4 müň 700 we 4 müň 700 metr bolan Demirgazyk Goturdepäniň 415-nji, 197-nji we 368-nji guýularynda buraw işleri ýaýbaňlandyryldy.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.