Şanly ýyldaky şowly netijeler

21 Oktýabr 2024
204

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gaýratly hünärmenleriniň ruhubelentlik, agzybirlik we başarjaňlyk bilen çekýän zähmetiniň netijesinde «mawy ýangyjyň» akymy barha batlanýar.

Anyk mysallara ýüzlensek, şanly ýylyň geçen dokuz aýynda müdirlik boýunça tebigy gazyň 7 milliard 527,1 million kub metrden gowragyny öndürmek bellenipdi. Baýlyk çykaryjylar tarapyndan geçen döwürde öndürilen harytlyk önüm 7 milliard 570,6 million kub metrden gowraga barabar boldy. Şeýle-de müdirlik boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe gaz kondensatynyň 27,3 müň tonnadan gowragy öndürildi. Munuň özi 1 müň tonna golaý gymmatly çig malyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».