Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) taýýarlanýan önümleri ýurdumyzyň içerki sarp edijilerine we daşarky bazarlarda ýerlemekde gazanylýan ýokary netijelerde «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti uludyr. «Kenar» ýurdumyzdaky iň baýry kärhanalaryň biridir. Onuň düýbi 1886-njy ýylda şol wagtky Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçylarynyň doganlar Nobelleriň nebit ammarlary üçin ýer parçasyny bölüp bermek barada beren rugsatnamasy esasynda tutulan. 2006-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy diýlip atlandyrylýar.
Irki döwürde kärhanada durkuny täzelemek işleri, esasan, 1965 — 1968-nji ýyllarda ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany — 271,80 ga. Häzirki wagtda kärhanada 720-den gowrak adam işleýär.