Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, portlandsementi satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli gazlandyrylan, alkogolsyz içgiler hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 290 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.