Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri begendiren waka boldy. Bu kitap sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri, biologiki aýratynlygy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, tebigy gory, derman taýýarlanylyşy we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.
Bilşimiz ýaly, sahy topragymyz ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Derde derman ösümlikler asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan halk lukmançylygynda keselleri bejermekde peýdalanylypdyr. Häzirki zaman lukmançylygynda we derman senagatynda dermanlyk ösümlikler giňden ulanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk tejribesiniň we zähmetiniň miwesi bolan düýpli ylmy işi fitoterapiýany ylmy esasda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.