Sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň güwäsi

15 Oktýabr 2024
316

Halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şu jähetden hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap ösüşler amala aşyrylýar. dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk tejribe gazanyp, ony ýylyň-ýylyna täze üstünlikler arkaly ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygnda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler bu işleriň esasy gözbaşy bolup durýar.

Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirildi we döwrebap desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Beýik ösüşleriň dürdäneleri bilen şöhratlanýan ak şäherimiz Aşgabatda hem şol gün döwrebap desgalaryň ikisiniň — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabaralary boldy. Olara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ajaýyp günüň we döwrebap desgalaryň many-mazmunyny has-da beýgeltdi. Gahryman Arkadagymyz ilatyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky deňsiz-taýsyz tagallalaryň başynda durýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň ugry munuň iň aýdyň görkezijisidir.

Ogulnar JUMAKULYÝEWA,
Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň lukmany.