Azyk bolçulygy üpjün edilýär

15 Oktýabr 2024
504

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleri täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler bu gün öz oňyn netijelerini berýär.

Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar taýdan hem oňyn görkezijileriň gazanylmagyna ähli şertleri döredýär. Soňky ýyllarda bu pudak durnukly ösmegini dowam etdirýär. Oba hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna häzirki zaman usulynda çemeleşilýändigini «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem tassyklaýar. Pudagy ösdürmekde Oba milli maksatnamasyna-da aýratyn orun degişlidir. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda azyk, guşçulyk, et we süýt önümçilik kärhanalarynyň senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Leýla ERGEŞOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.