Ýylyň islendik paslynda ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti respirator kesellerine duş gelmek bolýar. Güýz paslynda dem alyş ýollarynyň sowuklamasy has-da ýygjamlaşýar. Kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseline ýolugmak derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Adaty wiruslardan elmydama goranmak mümkin däl. Ýiti respirator keselini, köplenç, wiruslar döredýär. Maglumatlara görä, ýiti respirator keseli ululara garanyňda çagalaryň arasynda 2-3 esse köp duş gelýär. Bu bolsa, çagalarda immun ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär.