10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini, şu günler şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem giňden baýram edilýändigini aýdyp, hemmeleri bu şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.