Ak bugdaý etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylar üçin medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.
Ýaş pagtaçy kärendeçilerdir ýygymçylaryň, kombaýnçylaryň hem-de ýygnalan hasyly daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirdiler hem-de olaryň alyp barýan şu günki işleriniň ähmiýeti, yhlas bilen ýetişdirilen «ak altyny» soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigi barada aýtdylar we zähmet üstünligini arzuw etdiler.