Saglyk ulgamynda kanunçylyk-hukuk binýady

10 Oktýabr 2024
269

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňelýän Türkmenistan döwletimizde her bir adamyň saglygy we onuň durmuş-ýaşaýyş şertleri barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda adam döwletiň baýlygy hasaplanýar, onuň saglygy bolsa döwlet üçin möhüm we wajypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Ganyň donorlygy hakynda», «Şypahana işi hakynda», «Adam bedeniniň agzalarynyň we dokumalarynyň transplatasiýasy hakynda», «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde şypahana ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň netijesinde şypahanalaryň durky täzelenýär, olar dünýä ülňülerine laýyk getirilýär we ýokary derejede täzeçil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär hem-de Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi, şeýle hem goralmagy çygryndaky gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň direktory.