Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere beslenýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyza lukmançylyk hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary, bejeriş-anyklaýyş hem-de saglygy dikeldiş merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa saglygy goraýyşda şu güne çenli döredilen iň kämil we naýbaşy eser bolup durýar. Bu kitapda howasy jana şypaly, her damja suwy derde derman, her ýapragy, oty müň derde melhem, her gysym topragy süňňe ýokumly türkmen tebigatynda bitýän dermanlyk ösümlikler dolulygyna beýan edilýär. Olaryň dermanlyk täsiri lukmançylyk ylmy nukdaýnazaryndan giňişleýin teswirlenýär. Paýhasly pederlerimiz bolsa «Iň kämil bagt — bedeniňde saglyk, Watanyňda asudalyk bolmagydyr» diýip, aýdyp geçipdirler. Halkymyzyň bagtyýarlygy, sagdynlygy, abadan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç, dowamat-dowam bolsun!