Eşretli ýaşaýşyň höziri

9 Oktýabr 2024
337

Berkarar Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, şäherlerimizde we obalarymyzda adam saglygy baradaky aladany has-da güýçlendirmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda we welaýatdyr etrap merkezlerinde ýokary lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda hereket edýän onlarça şypahana, kämil tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen hassahanalardyr saglyk öýleri, ajaýyp dynç alyş merkezleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär.

Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy hem il-ýurt babatdaky belent maksatlardan gözbaş alýar. Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işe girizilmegini lukmanlarymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Bu kärhananyň döredilmegi bilen dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.

Maýajan DURDYÝEWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.