Şu gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günüdir
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli taraplaýyn ösüşi döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baradaky aladadan gözbaş alýar. Munuň özi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlar bilen berk baglanyşykly bolup, halkyň sagdyn hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny görkezýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Sag başym — soltan başym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen ata-babalarymyzyň adam saglygyna bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hökmünde belent sarpa goýmak, saglygyň gadyryny bilmek baradaky ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Döwletimizde ynsan saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga hem-de olary bejermäge niýetlenen desgalary, binalary gurmak, ulgamyň kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, derman senagatyny, netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak üçin möhüm şertleri döretmek, şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tutumly işleriň baş maksady adam we onuň bolelin hem-de abadan ýaşaýşy baradaky tagallalary durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda bellenen döwürleri öz içine alýan döwlet maksatnamalarynyň, düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy munuň subutnamasydyr. Döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna dünýä lukmançylygynda gazanylan iň oňat tejribeleri ulanmak arkaly sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, derman serişdeleri bilen üpjünçiligi gowulandyrmagy aýratyn üns merkezinde saklaýandygyny bellemek gerek.