Lukmanyň ýandepderçesinden

9 Oktýabr 2024
365

Durmuşymyzy gözelleşdirýän, ömrümize many bagyşlaýan gymmatlyklaryň biri hem saglykdyr. Elbetde, janyň sag bolanda, durmuşyň her bir pursady lezzete, başyny başlan işlerimiz hem üstünlige beslenýär. Idi-yssywatsyz baglaryň tapdan düşüp, miwesiz galýandygyny unutmaň! Ynsan saglygy hem bag kysmydyr, oňa-da ideg gerek. Şonuň üçin hem saglygymyzy berkitmäge, durmuşymyzy gözelleşdirmäge täsirini ýetirjek gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

— dowamly telewizora tomaşa edilenden soň, hamala, günuzyn agyr hem birsydyrgyn iş eden ýaly süňňüňizde, beýniňizde erbet argynlyk duýulýandyr. Onuň agyr zähmet ýadawlygyndan hem erbet täsiri bardyr. Hatda bu ýaramaz endigiň dowamly gaýtalanmagy hroniki (ötüşen) ruhy argynlyk keselini ýüze çykarmagy mümkin.

Nurjemal SUMBAROWA,
welaýat AIDS-niň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.