Ibn Sinanyň melhemlerinden

9 Oktýabr 2024
375

Alma. Ter alma ýüregi, şeýle hem gowşak aşgazany berkidýär. Hamyra salnyp bişirilen alma ganly içgeçmäniň emidir. Işdäsi tutulýan adamlar hem almany şeýle bişirip iýseler, işdäsiniň açylmagyna peýdasy kändir. Alma ýapragy we sykylyp alnan şiresi ýapgy edilse, dömme çişleriň täze dörän mahalynda peýdalydyr.

Beýi. Bişirilen beýi ýeňil we peýdaly iýmitdir. Ony bişirmek üçin tegelek kesip, şänigini çykarmaly we onuň ýerine bal çalyp ýapmaly. Beýiniň sykylyp alnan şiresi demgysma keselinde peýdalydyr. Şeýle hem ol şire aşgazany berkidýär, teşneligiňi gandyrýar. Beýiden işdäňi açýan içgi taýýarlanylýar. Bal garyp gaýnadylan beýi has güýçli täsir edýär.

Toplan Aýgözel ANNAKLYÇEWA,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň mugallymy.