Sagdynlyk — röwşen geljek

9 Oktýabr 2024
324

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet gurluşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkymyzyň saglygyny goramak, ruhy taýdan baý we beden taýdan kuwwatly, kämil bilimli nesilleri kemala getirmek meselelerini durmuş ugurly döwlet syýasatynyň özeninde goýdy. Merdana pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý milli tejribesine daýanyp, tutuş jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmak, ýurtda ýaşaýan her bir adamyň köpçülikleýin sporta işjeň gatnaşmagyny gazanmak, bedenterbiýäni ösdürmek, şeýlelikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu beýik başlangyçlar özüniň datly miwelerini hem berýär.

Saglyk — jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr. Türkmençilikde salamlaşylanda, ilkinji nobatda, saglyk-amanlyk soraşylýar. Irden görşülende hem «Sag-aman ördüňizmi?» diýlip sowal berilýär. Adamlaryň saglygy baradaky alada, jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen hem baglanyşyklydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýýär. Halkymyzyň päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Türkmençilikde on iki synanyň abatlygy diýilýän düşünje, durmuş baradaky umumy derejäni kesgitlemekde ilkinji şertdir. Başyň amanlygy, on iki süňňüň abatlygy ýaşaýşyň hözirini duýmak üçin gerekdir. Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam, «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi, saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmesini aňladýar. «Saglyk» diýen sözüň aňyrsynda bagtyýarlyk hakyndaky düşünje bardyr. Soňky ýyllarda «Sagdyn ýaşaýyş» diýen düşünjä has uly ähmiýet berilýär. Saglyk diýlende, adamyň synasynyň abatlygy barasyndaky aladalar göz öňüne gelse-de, bu söz pikirleriň sagdynlygyny hem öz içine alýar. Çünki pikirler sagdyn bolanda, syna hem sagdyn bolýar.

Orazmyrat ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik.