Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap saglyk merkezleri barmak büküp sanardan has kän. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda köpsanly täze saglyk merkezleriniň, şol sanda, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň guruljakdygyny buşlady.
Bu hoş habary diýseň uly şatlyk bilen garşyladyk. Tutuş dünýäde onkologiýa kesellerine garşy ýiti göreş alnyp barylýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hem halkara derejeli onkologiýa merkezi we hassahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Ýakyn geljekde bolsa olaryň üsti täze merkezleriň ýene üçüsi bilen ýetiriler. Şol merkezleriň biri hem biziň welaýatymyzda gurlar. Şeýlelikde bizde onkologiýa kesellerini bejermekde has-da uly mümkinçilikler dörär. Munuň özi, saglygy goraýyş işgärleri we ildeşlerimiz üçin uly sowgatdyr.