Halkyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýar. 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen bu resminamada göz öňünde tutulan ugurlar boýunça işler doly amala aşyryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Gaýtadan kabul edilip, täze sepgitleri göz öňünde tutýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda has giň gerimli wezipeleriň kesgitlenendigini we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändigini bellemek ýakymlydyr.
Ýurdumyzda saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Watanymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri gurulýar. Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokanç keselleriň 14-siniň garşysyna tölegsiz sanjym geçirilýär. Giň ýaýran ýokanç däl keselleri irki döwürde anyklamak, olary netijeli bejermek boýunça işler 2013-nji ýylda kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasyp. Keselleriň öňüni almak üçin geçirilýän sanjymlaryň netijesinde, çaga syrkawlamasy görnetin azaldy. Çagalaryň, eneleriň saglygyny berkitmekde paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde üstünlikli hereket edýän «Ene mähri» merkezleriniň paýy uludyr.