«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýangyn howpundan goramak möhümdir. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň wekilleri pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki jogapkärli günlerinde möwsüme gatnaşyjylara berjaý edilmeli düzgünleri ýatladyp, öz degerli maslahatlaryny berýär.
Pagta ýygnalanda, daşalanda, saklananda, gaýtadan işlenende degişli enjamlaryň, elektrik ulgamlarynyň näsazlyklary, olaryň nädogry ulanylmagy, ulag serişdeleriniň tüsseçykarlarynda näsaz uçgun öçürijileriň goýulmagy, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gödek bozulmagy netijesinde dürli hadysalaryň döremegine getirip bilýär. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek hojalyklaryň harmanlaryndan başlanmaly. Pagta arassalaýan kärhanalarda, taýýarlaýyş nokatlarynda pagta saklanýan ýerleriň golaýynda ot ýakmak, kebşirleýiş işlerini geçirmek talabalaýyk däl.