Sadap dişler sagdyn bolsa

8 Oktýabr 2024
394

Beden agzalarynyň ählisi näzik we olaryň hersiniň aýratyn gymmaty bar. Şu sebäpli, sagdyn ýaşamak we synalardyr beden agzalarynyň berk we çeýe bolmagy üçin yzygiderli aladalanmak gerek. Bu sadap dişler babatda hem şeýle. Sagdyn dişleriň hyzmaty diňe iýmiti dişlemek ýa-da çeýnemek üçin däl, eýsem iýmit siňdiriş ulgamynyň we bu ulgamyň işinden täsirlenýän beýleki ähli synalaryň işini goldamak üçin hem örän ähmiýetlidir. Dişlerde emele gelýän çüýremeler bolsa, bu hyzmatyň hilini düýpgöter peseldýär we bedeniň dürli kesellere duçar bolmagyny we wagtyndan öň garramagyny tizleşdirýär.

Dişleriň we diş etiniň sagdyn bolmagy üçin agyz boşlugynyň arassalygyna aýratyn üns bermeli. Munuň üçin her kimiň şahsy diş çotgasy we düzümi ftorly diş pastasy bolmaly. Diş çotgasynyň ýumşak bolmagy diş etlerine zyýan bermezlik jähtinden oňaýly görülýär. Sebäbi gaty çotgalar diş etiniň berkligini gowşadýar. Netijede, dişleriň daýanjy gowşaýar we diş kökleri açylyşyp başlaýar. Bu bolsa dişleriň çüýremegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Şahsy gigiýenanyň aýrylmaz bölegi bolan diş çotgalaryny her aýdan täzeläp durmagy hem ünsden düşürmeli däl.

Begenç GARAGULOW,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.